Turkmenportal logo
08.08.24
1355613556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýran we Täjigistan 10-njy awgustdan wizasyz düzgün girizýär
Report

Täjigistan we Eýran 10-njy awgustdan başlap, umumyraýatlyk daşary ýurt pasportlaryň eýeleri üçin wizasyz düzgün girizýärler. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligine salgylanýan TASS habar berdi.


Täjigistanyň DIM-inde bu ugurda gol çekilen resminama laýyklykda, ady agzalan daşary ýurt pasportlarynyň eýeleri taraplaryň her birinde 30 günüň dowamynda rugsatnamasyz bolup bilerler.


Şunda wizasyz düzgüniň birinji tapgyrda Duşenbe-Tähran we Tähran-Duşenbe ugurlary boýunça awiagatnawlardan peýdalanýanlar üçin elýeterli boljakdygy habarda bellenýär.