Adamyň keşbi ýyllar geçidigiçe, onuň adyna uýgunlaşyp biler. Bu barada ylmy barlaglaryň netijesi «PNAS» žurnalynda çap edildi diýip, «Report» ýazýar.
Bu ugurdaky synaglara ýüzlerçe meýletinçi gatnaşdy. Olara adamlaryň fotosuratlaryny görkezip, olar üçin gabat geläýjek atlary oýlap tapmagy haýyş etdiler. Meýletinçiler köp halatda fotosuratlardaky adamlaryň atlaryny, esasan hem, ulularyň atlaryny bildiler.
Soňra alymlar adamlaryň fotosyny maşynlaryň kömegi arkaly seljerdiler. Görlüp oturylsa, atdaşlaryň köp halatda meňzeşdigi anyklandy, özem bu diňe uly adamlara degişli bolup çykdy.
Alnan maglumatlar adamyň daş keşbiniň adyna laýyklykda özgerýändigini görkezdi. Netijede, birmeňzeş atly adamlaryň ýüz-keşbinde umumylyk döreýär.

