Turkmenportal logo
03.08.24
85698569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýä ýylyň birinji ýarymynda 25 milliondan gowrak jahankeşde bardy
Hürriyet

2024-nji ýylyň birinji alty aýynda Türkiýä 25,1 million adam bardy, bu 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 13,2 göterim köpdür, şol döwürde ýurda 22,1 million jahankeşde bardy. Bu barada Türkiýäniň Milli statistika institutynyň maglumatlaryna salgylanýan «Trend» ýazýar.


Edaranyň hasaplamalaryna görä, Türkiýäniň jahankeşdelikden girdejileri bu döwürde 23,6 milliard dollara deň bolup, bir ýyl mundan öňki 21,6 mlrd dollardan 9,3 göterim artykdyr.