Turkmenportal logo
25.07.24
1363413634
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy

«Loewe» ispan haryt nyşany dünýäde iň meşhur moda brendi hökmünde yglan edildi. Bu ugurdaky sanawy feşn-senagatda sarp ediş özüňi alyp barlyşyny seljermäge ýöriteleşen «Lyst» internet platformasynyň hünärmenleri düzdüler diýip, «Mail.ru» ýazýar.


Ispan egin-eşikçisi sanawda öňdeligi eýeläp gelen «Miu Miu» italýan önümçilikçisiniň ornuny eýeledi. Şeýle-de sanawda üçünji orunda «Prada» ýerleşdi, ilkinji bäşligi «Saint Laurent» we «Bottega Veneta» moda öýleri jemledi.


Şol bir wagtda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça «Versace» we «Balenciaga» geçen ýylyň degişli döwründäkiden bir orun ýokary galdy. Sekizinji orunda «Jacquemus» brendi ýerleşdi, ondan soňra «Moncle» hem-de «Gucci» nysak öýleri gelýär.


Sanawa «Valentino», «Skims», «Burberry», «New Balance», «Louis Vuitton», «The Row», «Alaia», «JW Anderson», «Dolce & Gabbana» we «Couch» moda öýleri düşdi.