Turkmenportal logo
12.07.24
3128931289
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory täzelendi

Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, Orazgeldi Kakabaýewiç Öwezsähedow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Orazgeldi Kakabaýewiç Öwezsähedow mundan ozal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw bölüminiň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.