Turkmenportal logo
29.06.24
2211122111
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-nyň Baş sekretary Türkmenistanda saparda bolar
BMG-nyň Baş sekretary Türkmenistanda saparda bolar

29-njy iýunda BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary başlanýar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň Metbugat sekretary Stefan Dýujarrik 28-nji iýunda Nýu-Ýorkorkda geçirilen brifingde mälim etdi. Baş Assambleýanyň resmi beýanatynda bellenilişi ýaly, Baş sekretar saparynyň çäginde her döwletiň Prezidenti we beýleki ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.


BMG-nyň Baş sekretary 4-nji iýulda Astanada geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem gatnaşar. Ol öz çykyşynda foruma gatnaşyjylary BMG-niň Tertipnamasyna we Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna esaslanýan köptaraplaýyn ýörelgelere yzygiderli eýermäge çagyrar.


Antonio Guterrişiň Merkezi Aziýa sapary 7-nji iýulda tamamlanar.