Turkmenportal logo
21.06.24
3392733927
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özüňi baş aşpez ýaly duý: «Ilatly» «Özüň bişir» hyzmatyny hödürleýär

«Ilatly» restorany hakyky baş aşpez bolmaga we mangalda özüňiz üçin tagamly nahar taýýarlamaga mümkinçilik berýän täze «Özüň bişir» hyzmatyny hödürleýär.


Aşpezçiligiň muşdaklary et görnüşlerini, deňiz önümlerini ýa-da towuk etini saýlap bilerler, şeýle hem islege görä, tejribeli aşpeziň kömeginden peýdalanyp bilerler.


«Ilatly» restorany zerur zatlaryň hemmesini hödürleýär: mangal, kömür, gap-gaçlar we gurallar. Ofisantlar önümleri saýlamakda, mangaly ýakmakda we gap-gaçlary taýýarlamakda kömek etmäge hemişe taýýardyrlar.



«Özüň bişir»hyzmaty dostlaryňyzy we maşgalaňyzy geň galdyrmagyň, şeýle hem şadyýan wagt geçirmegiň ajaýyp usulydyr.


«Ilatly» – bu agşamlyk naharynyň siziň döredijiligiňize öwrülýän ýeridir.


Täze hyzmat we önümleriň mukdary barada şu telefon arkaly öňünden habar berilmelidir: (+993 65) 65 01 41. Sosial ulgamdaky sahypasy.


«Ilatly» restoranyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: Änew, Gurbansoltan köçesiniň ugry.


Şeýle-de okaň: