Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow standartlaşdyrmak we metrologiýa ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan pudak edaralarynda ulanylýan ölçeg serişdelerini döwürleýin deňeşdirme barlagyndan geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Wise-premýer bu ugurdaky işleriň «Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentiň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de halkara standart talaplaryna laýyklykda, metrologiýa ugry boýunça ölçeg serişdeleriniň döwürleýin deňeşdirme barlagyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
