Turkmenportal logo
14.06.24
1459314593
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Milan» Fonsekany baş tälimçilige belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby Paulu Fonsekanyň toparyň baş tälimçiligine bellenildendigini mälim etdi.


51 ýaşly portugaliýaly hünärmen «rossoneriler» bilen üç ýyllyk şertnama gol çekişdi.


Maglumat üçin, Fonsekadan ozal «Milana» Stefano Pioli (2019-njy ýyldan bäri) tälim berýärdi. Topar onuň golastynda 2022-nji ýylda A seriýanyň çempiony boldy.


Fonseka «Milandan» öň «Roma», «Şahtýor», «Braga» hem-de «Lill» (soňky iş ýeri) toparlaryny türgenleşdirdi.