Turkmenportal logo
02.06.24
1019010190
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy --- Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Italiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.