Turkmenportal logo
25.05.24
1046610466
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de bu ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.


«Ýakyn goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek esasynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň ýagty geljegi üçin depginli ösjekdigine ynanýaryn» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatynda bellenilýär.