Turkmenportal logo
20.05.24
1259712597
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministrligine Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.