Turkmenportal logo
01.05.24
92509250
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň Hökümet başlygy resmi sapar bilen Täjigistana bardy
Surat: avesta.tj

Gazagystanyň Hökümet başlygy Olžas Bektenow resmi sapar bilen Täjigistana bardy diýip, «MIR 24» habar berýär.


Täjigstanyň Prezidenti Emomali Rahmon Gazagystanyň Premýer-ministri Betkenowy kabul etdi. Taraplar söwda-ykdysady, energetika we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.


Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard 150 million dollar töweregi boldy. Taraplar şeýle-de bilelikdäki iri senagat taslamalaryny amala aşyrmak barada pikir alyşdylar.