Turkmenportal logo
30.04.24
2593625936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşini «PFL 5» turniriniň çäginde 22-nji iýunda geçirer

Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşini «PFL 5» turnirinde 22-nji iýun güni Solt-Leýk-Sitide kamerunly Simon Biýongä garşy geçirer.


Döwletjan Ýagşymyradow özüniň soňky tutluşygynda «PFL 2» turniriniň çäginde sloweniýaly Jeýkob Nedo bilen söweşip, garşydaşyndan üstün çykypdy. 1 raund hem dowam etmedik tutluşyk Döwletjanyň tehniki nokaut arkaly gazanan ýeňşi bilen tamamlandy. Häzirki wagtda Döwletajnyň hasabynda 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.


Biýong hem özüniň soňky söweşini «PFL 2» turniriniň çäginde geçirip, Antonio Karlos Juniordan ýeňlipdi. Häzire çenli Simonyň hasabynda 9 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.