Turkmenportal logo
29.04.24
1141311413
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Titanik» gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
«Titanik» gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy

«Titanik» gämisiniň iň baý ýolagçysynyň jübi sagady auksionda rekord baha – 1,175 million funt sterlinge satyldy. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Ren.tv» habar berdi.


Sagady ABŞ-dan bolan şahsy toplaýjy satyn aldy.


Jübi sagady rowaýaty gäminiň iň baý ýolagçysy – 47 ýaşly telekeçi Jon Jeýkob Astora degişli eken. Ol gämi gark bolup başlanda, aýaly Madleni halas ediş gaýygynda ugradyp, özi-de gämi bilen bile gark bolupdyr.