Turkmenportal logo
09.04.24
1593815938
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly işewürler «SITEX2024» sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi «SITEX2024» dokma senagatynyň halkara sergisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň telekeçilerine bu sergä gatnaşmak mümkinçiliginiň bardygy barada habar berýär diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda bellenilýär.


Gyzyklanma bildirýänler Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsullygyna ýüz tutup bilerler: +99352260231.
Guramaçylar: +989129472567; +989129479265.


Habarda bellenilişi ýaly, sergi şu ýylyň 4 — 7-nji iýuly aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde halkara sergi merkezinde guralar. Sergi dokma pudagy üçin möhüm ähmiýete eýedir.


Bu pudak täzelikleri bilen tanyşmaga we işewürligi has-da gowulandyrmak üçin bar bolan müşderiler bilen duşuşmaga mümkinçilikdir diýlip, habarda bellenilýär.