Turkmenportal logo
08.04.24
1448314483
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Pittsburg şäherine baryp gördi

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.


HHM-niň habar bermegine görä, olar saparyň dowamynda Taýýarlyk institutynyň bilim merkezine (Readiness Institute) baryp gördüler.


Institutyň hünärmenleri türkmen wekiliýetine alyp barýan işleri, mekdep okuwçylarynyň emeli aňy nähili öwrenýändikleri we olara orta bilimiň nähili berilýändigi barada gürrüň berdiler.


Türkmen wekiliýetiniň bu sapary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň howandarlygynda «Döwlet gullugy akademiýasy üçin elektron dolandyryş mümkinçiliklerini güýçlendirmek» taslamasynyň çäginde geçirildi.


Çeşmäniň bellemegine görä, taslama bilim ulgamyndaky häzirki zaman tehnologiýalara syn bermegi we bilim edaralary bilen hususy kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.