Turkmenportal logo
06.04.2024
1533815338
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşanbe şäherinde Täjigistanyň Hökümetiniň aragatnaşyk gullugynyň Başlygy Beg Sabur bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada "Howar" täjik habarlar agentligi habar berýär.


Söhbetdeşler aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýadyň bardygyny bellediler.


"Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meýilnamasy barada pikir alyşdylar" diýlip, "Howar" täjik habarlar agentligi ýazýar.