Şu gün Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Täjigistanyň Prezidentiniň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de täjik Lideri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Hususan-da, halkara düzümleriň çäklerindäki syýasy dialogy işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak, ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, sebitiň suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselesini çözmekde bilelikdäki işleri has-da ilerletmek ýaly ugurlar türkmen-täjik gepleşikleriniň esasyny düzdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa, azyk, dokma, derman senagatynyň, oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Taraplar ýangyç-energetika, ulag, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, anyk teklipleri beýan etdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.