Turkmenportal logo
03.04.24
1141511415
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr» Nurmyradowyň dubly bilen «Ahaly» ýeňdi

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Altyn asyr» 2:0 hasabynda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi. Oýun Ahal welaýatynyň Babarap geňeşliginiň çäginde geçirildi.


Oýunda «Altyn asyra» ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem Selim Nurmyradow öz adyna ýazdyrdy. Ol 26-njy we 38-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy.


Bu üstünlik «Altyn asyr» üçin möwsümiň şowsuz badalgasyndan soňra bassyr gazanylan ikinji ýeňişdir. Möwsüme yzly-yzyna gazanylan üç ýeňiş bilen başlan «Ahal» üçin bolsa bu şowsuzlyk bassyr ikinji ýeňlişdir.


Indiki tapgyrda «Ahal» 6-njy aprel güni myhmançylykda «Nebitçi bilen güýç synanyşar. «Altyn asyr» bolsa şol gün «Aşgabat» bilen duşuşar.