Turkmenportal logo
03.04.24
1047710477
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» toparynyň milli çempionatdaky 100-nji goluny Altymyrat Annadurdyýew geçirdi

Altymyrat Annadurdyýewiň 5-nji tapgyrda «Aşgabadyň» derwezesinden geçiren goly «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynda geçiren 100-nji goly boldy ― diýip, «Janköýer» habar berýär.


«Arkadag» futbol toparynyň 2-nji aprel güni myhmançylykda «Aşgabady» 8:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Arslanmyrat Amanowyň 22-nji minutda geçiren goly toparyň milli çempionatdaky ýubileý goly boldy.


Şol duşuşykda toparyň bassyr 35-nji ýeňşini gazanandygyny hem ýatladýarys.


Ýubileý goluň awtory Altymyrat Annadurdyýew bolsa möwsümde 6 gol geçirip, iň netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýär.