Turkmenportal logo
13.03.24
1443414434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Özbegistan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministri K.Şaripow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


12-nji martda bolan duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ylym-bilim ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Habarda bellenilişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek baradaky meýilnamalara hem jikme-jik seredildi.