Turkmenportal logo
11.03.24
2110521105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy ýapyk ýagdaýda geçiriler

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy DÇ-2026-nyň saýlama tapgyrynyň möhüm oýunlaryna taýýarlanýar. 14-nji martda Mergen Orazowyň şägirtleri Gazagystan bilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykarlar. Oýun iki taparyň ylalaşygy esasynda ýapyk ýagdaýda geçiriler. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.


Mundan ozal, 12-nji martda türkmen futbolçylary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna ugrarlar. Ol ýerde topar öňdäki möhüm oýunlara taýýarlyk görer.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 21-nji martda Tähranda, 26-njy martda bolsa Aşgabatda Eýranyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.


Häzirki wagtda Türkmenistan DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «B» toparçasynda üçünji orny eýeläp dur. Türkmen futbolçylary ilkinji tapgyrda Özbegistanda 1:3 hasabynda ýeňlen bolsa, ikinji tapgyrda myhmançylykda Gonkong bilen 2:2 hasabynda deň oýnady.