Turkmenportal logo
11.03.2024
4065840658
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Oraza» hyzmatyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Oraza» atly USSD hyzmatyny ýola goýdy. Abonentler agyz beklenýän we açylýan wagtlaryny «Oraza» hyzmatyndan peýdalanyp, anyklap bilerler.


Hyzmaty telefonyňyzda ýörite buýruklary aýlap ulanyp bilersiňiz:
*0870*1# — Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri üçin;
*0870*2# — Balkan welaýaty üçin;
*0870*3# — Daşoguz welaýaty üçin;
*0870*4# — Mary welaýaty üçin;
*0870*5# — Lebap welaýaty üçin.


Şeýle hem «Turkmenportal» 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanda Oraza aýynda agyz beklenýän we açylýan wagtlary paýlaşdy.