Turkmenportal logo
09.03.24
1330813308
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda AFK aýal-gyzlaryň futbol güni bellenildi

Aşgabatda «AFC Women’s Football Day 2024» — AFK aýal-gyzlaryň futbol güni bellenildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen çäräniň esasy maksady ýurtda zenanlaryň futbola bolan söýgüsini ýokarlandyrmakdan hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybarat boldy.


Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde ýörite bäsleşikler guralyp, gyzlar üçin futbol festiwaly geçirildi. Gyzjagazlar dürli ugurda öz başarnyklaryny görkezdiler. Futbol festiwalynyň soňunda gatnaşyjylara TFF-niň taýýarlan ýörite sowgatlary, futbol toplary dabara bilen gowşuryldy.


TFF-niň habar berşi ýaly, futbol festiwalyna Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň oýunçylary we ýaş futbolçylar gatnaşdylar.


Bu çärelere futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Mingazowyň hem gatnaşandygyny bellemelidiris.