Turkmenportal logo
07.03.24
1484514845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Merwi» ýeňen «Ahal» TÝL–2024-iň turnir tablisasynda liderlik edýär

«Ahal» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynda «Merwi» ýeňlişe sezewar etdi. Baýramaly şäherinde geçirilen oýun myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk gol Ýazgylyç Gurbanow tarapyndan 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmek arkaly derwezä gönükdirildi.


Şeýlelikde, ýeňişden soňra «Ahal» 6 utuk bilen Ýokary liganyň turnir tablisasynda liderlik edýär. Ikinji orundaky «Aşgabatda» 4 utuk bar. «Merw» bolsa 2 utuk bilen bäşinji orny eýeläp dur.


Serdar Geldiýewiň şägirtleri indiki tapgyrda 10-njy mart güni «Şagadam» bilen güýç synanyşarlar.


2-nji tapgyryň netijeleri:


  • «Arkadag» – «Altyn asyr» – 3:0
  • «Energetik» – «Aşgabat» – 0:3
  • «Şagadam» – «Nebitçi» – 1:2
  • «Merw» – «Ahal» – 0:1