Turkmenportal logo
01.03.24
1348313483
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystan Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak isleýär
Surat: mfa.gov.kg

29-njy fewralda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň DIM-ni habar berdi diýip, «KGinform» ýazýar.


Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirdiler, şeýle hem söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi A.Madmarow Gyrgyzystanyň söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.


B.Wolsahatow hem öz gezeginde bilelikdäki işleri güýçlendirmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi barada maglumat berdi we gyrgyz telekeçilerini alyş-çalyş söwdasyna gatnaşmaga çagyrdy.


Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, yzygiderli aragatnaşyk saklamak boýunça ygrarlydyklaryny tassykladylar.