Turkmenportal logo
28.02.24
1473914739
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ženewada ýetginjekler üçin elektrik ulagy bilen tanyşdyryldy

Ženewadaky awtoulag sergisinde ýetginjekler üçin döredilen elektrik ulagy bilen tanyşdyrdylar. Bary-ýogy iki ýarym metr uzynlygy bolan bu ulagyň agramy 600 kilogram, ol tizligini sagatda 45 kilometre çenli artdyrmaga ukypldyr diýip, «Ren.tv» habar berýär.


Golaý wagtda ony Şweýsariýanyň 14 ýaşdan uly ýetginjekleri sürüp bilerler. Munuň üçin olara sürüjilik şahadatnamasy hem gerek bolmaz, diňe moped sürmäge ygtyýarnamasy ýeterlik.


Russiýada bu şweýsar mikroulagynyň sowet döwrüniň «Siklop» atly üç tigirli gozakly motosikletine meňzeşdigini belleýärler.