Turkmenportal logo
23.02.24
2833028330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Artykmaç çykdajysyz toý etmek üçin «Ak Ýol» toý mekanynyň maslahatlary

Özüniň ýokary derejeli hyzmatlary we kaşaň interýer bezegi bilen belli bolan «Ak Ýol» toý mekany artykmaç çykdajy etmezden nädip ajaýyp öwüşginli toý tutmalydygy barada gymmatly maslahatlaryny paýlaşdy.


  • Tygşytlamajak 3 sany zadyňyzy kesgitläň. Bu zatlar durmuş toýuňyzda iň möhüm zatlardyr. Mysal üçin: toý köýnegi, toýuň belleniljek ýeri, toý bezegi.
  • Siziň üçin möhüm bolmadyk 3 sany zady kesgitläň we olara sarp etjek çykdajylaryňyzy azaltmagyň ýollaryny tapyň.
  • Myhmanlaryň sanyny azaltmak aňsat işem däl, ýöne käte bu usul toý çykdajyňy azaltmak üçin zerur bolýar.
  • Möwsümleýin gülleri, gök önümleri we miweleri saýlaň.

Toý dabarasynyň çykdajylaryny kadalaşdyrmak üçin bolsa «Ak Ýol» toý mekanyny saýlap almak amatly bolar.


Toý zaly durmuş ýoluna täze gadam basýan ýaş çatynjalara: myhmanhanadan otag, «Linkoln» gelnalyjy awtoulagy, tort, aýdymçy-sazandalar, alypbaryjy, zalyň yşyklandyryş we ses üpjünçiligi, lazer we tüsse şüweleňi ýaly dürli hili sowgatlary hödürleýär.


Mundan başga-da, «Ak Ýol» toý dabaralarynyň tölegini 36 aýa çenli garaşaryna, bölekleýin tölemäge mümkinçilik berýär.


«Ak Ýol» toý mekanynyň garaşaryna ýetirýän mümkinçiliginden peýdalanmak hem-de toýa hödürlenýän sowgatlar barada has giňişleýin bilmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi.


Telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40; (+993 60) 13 62 62; (+993 12) 95 06 38.


Şeýle-de okaň: