Turkmenportal logo
19.02.24
2545125451
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» ýoldaşlyk duşuşygynda «Pari NN» toparyndan üstün çykdy

«Arkadag» topary BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýän «Pari NN» klubundan üstün çykdy.


Abu-Dabi şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda tamamlandy. «Arkadag» toparynyň düzüminde Begmyrat Baýew (23) hem-de Didar Durdyýew (68, penaltiden), rus toparynyň düzüminde bolsa Nikoloz Kutateladze (21) tapawutlandy.


Wladimir Baýramowdan tälim alýan «Arkadag» topary BAE-däki gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde 21-nj fewralda Sankt-Peterbugryň «Zenit» kluby bilen güýç synanyşar.