Turkmenportal logo
13.02.24
3349233492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
IRENA-nyň Türkmenistanda ýerli edarasyny açmagyň mümkinçiliklerine seredildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, 12-nji fewralda bolan duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.


Taraplar gyzmatdaşlygy giňeltmek babatda Türkmenistanda IRENA guramasynyň ýerli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.