9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda oba hojalygy boýunça täze döredilen düzümlere, ýagny «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine, «Türkmenpagta» döwlet konsernine hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýolbaşçylary wezipä belledi. Bu barada TDH habar berýär.
Hususan-da, döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda:
- Mülkaman Gulnepesowiç Öwezliýew “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellenip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
- Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýew bellenip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
- Goçmyrat Baýramgeldiýewiç Ataýew Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
- “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanow bellenildi.
- Nurmuhammet Arslanowiç Berdiniýazow bolsa “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.