Turkmenportal logo
05.02.24
2888728887
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Ýol» dabaralar zaly: bahar – toýlaryň wagty

Ýaz pasly – söýginiň we täze başlangyçlaryň wagtydyr. Şonuň üçin hem ýaş çatynjalaryň köpüsi toý tutmak üçin bu möwsümi saýlaýarlar.


Aşgabatdaky «Ak Ýol» dabaralar zaly geljekki maşgalalary durmuşyndaky iň möhüm güni kaşaň ýagdaýda bellemäge çagyrýar.


«Ak Ýol» zaly müň sany myhmany kabul edip bilýär, bu bolsa ony uly toý dabaralary üçin amatly ýere öwürýär.


Mundan başga-da, «Ak Ýol» dabaraňyza ýatda galyjy öwüşgin çaýjak goşmaça hyzmatlary we bonuslary hödürleýär: ýaş çatynjalar üçin myhmanhanada «lýuks» otag we «Lincoln» kabriolet ulagy, «Ak Ýolda» dabara guramak sargyt edilende alypbaryjynyň, aýdymçynyň we çagalar animatorlarynyň hyzmatlary, şeýle hem milli we dünýä aşhanasynyň tagamlaryndan 10 görnüşli taýýar dabara menýusy, surata düşmek we çagalaryň arasynda ýaryşlar üçin zolaklar.


«Ak Ýoluň» iň özüne çekiji teklipleriniň biri hem zalyň kärende tölegini 36 aýa çenli möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligidir. Bu geljekki maşgala üçin býudjetini meýilleşdirmäge we toý güni uly çykdajylar barada aladalanmazlyga mümkinçilik döredýär.


«Ak Ýol» zaly myhmanlara şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Bagtyýarlyk köç., 15-nji jaý, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.


Şeýle-de okaň: