Turkmenportal logo
03.02.24
3604236042
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
5-nji fewralda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy bolar

5-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy bolar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün — 2-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu çärä taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.


Döwlet Baştutany wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyny mynasyp derejede geçirmegi tabşyrdy.