Russiýalylaryň 81 göterime golaýy dünýäde iň owadan gyzlar Russiýada ýaşaýar diýip, pikir edýärler. Bu ugurda geçirilen pikir soralyşygyň jemlerini Jemgyýetçilik pikirini öwrenmek boýunça Bütinrussiýa merkezi paýlaşdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
«JPÖBBM-iň ýanwar maglumatlaryna görä, soňky 11 ýylda iň owadan gyzlar Russiýada ýaşaýar diýen garaýyş has-da berkäpdir, ýagny 2013-nji ýylda 76 göterim bolanlygyndan 2024-nji ýylda 81 göterime çenli artypdyr» diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.
Pikirsoralyşyk telefon arkaly şu ýylyň 28-nji ýanwarynda geçirilip, oňa 1600 adam gatnaşdy.