Turkmenportal logo
26.01.24
1623916239
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» ýaşajyk futbolçylary ussatlyk sapagyny geçmäge çagyrýar

28-nji ýanwarda “Ahal” futbol topary 7-12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin mugt ussatlyk sapaklaryny gurar. Çäre “Aşgabat” stadionynda açyk asmanyň astynda sagat 15:30-da başlanar.


Tölegsiz esasda geçirilýän tälimçilik okuwlaryny guraýjylar ene-atalary bu okuwlara gatnaşjak çagalary ýylyjak geýindirmegi maslahat berýärler. Çäräniň guramaçylyk işine “Ýeňme” haýyr-sahawat guramasy hem gatnaşýar.


“Ýaşajyk futbolçylar – biziň geljegimiz” ady bilen geçirilýän çärä Türkmenistanyň iň ezber futbol oýunçylary we ussat tälimçileri gatnaşarlar.