«Iş Nokady» hojalyk jemgyýeti ITEA IT-akademiýasy bilen bilelikde Blenderde 3D modelirleme we Python dilinde çat-botlary programmirlemek ugurlary boýunça täze okuwlary açýar.
Blender okuwlary 3D modelirlemegiň esaslaryny özleşdirmek isleýänler üçin döredildi. Ol 14 ýaşly we şondan uly öwrenijiler üçin niýetlenendir.
Okuwyň dowamynda öwrenijiler 3D modelirlemegiň, materiallar we yşyklandyryş bilen işlemegiň, animasiýa döretmegiň hem-de başga-da esasy ýörelgeleri öwrenerler. Her sapakda öwrenijiler interaktiw meseleleri ýerine ýetirip, alan bilimlerini tejribede durmuşa geçirmäge mümkinçilik alýarlar.
Python dilinde çat-botlary programmirlemek boýunça okuwlar dürli ýaşdaky adamlar üçin açyk bolup, täsirli we innowasion çat-botlary döretmek üçin zerur bolan algoritmleri, kitaphanalary we tehnologiýalary öwrenmegi göz öňünde tutýar.
Söhbetdeş bolýan agentler ýa-da wirtual kömekçiler hökmünde hem tanalýan çat-botlar häzirki zaman tehnologiýa dünýäsinde barha möhüm gurala öwrülýär. Olar web saýtlar, messenjerler hem-de mobil goşundylar ýaly dürli platformalar arkaly ulanyjylar bilen aragatnaşygy awtomatlaşdyrmak üçin ulanylýar. Python dilinde çat-botlary döretmek işewürlik, bilim we dynç alyş ýaly dürli ugurlarda ulanyp boljak güýçli we çeýe aragatnaşyk ulgamlaryny işläp düzmäge mümkinçilik berýär.
Her sapakda berlilýän amaly tabşyryklar okuwçylara alan bilimlerini ulanyp, öz şahsy çat-botlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
«Iş Nokady» we ITEA tarapyndan hödürlenýän okuwlar amaly okuw ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýerde öwrenijiler täze bilimleri örän tiz we netijeli öwrenmäge mümkinçilik berýän bilimleri derrew iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik alýarlar.
Okuwlara şu salgylanma arkaly ýazylyp bilersiňiz.
