Turkmenportal logo
20.01.24
2391123911
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy belleniler
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy belleniler

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, ýurtda dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada şu gün — 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.


Bellenilişi ýaly, şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini hem-de türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda «Pyragydan ruhlanan ussat» atly forumy guramak göz öňünde tutulýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi mynasybetli bellenen çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.