Turkmenportal logo
06.01.24
2488624886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokioda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy
Tokioda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy

Ýaponiýada şu ýylyň ilkinji söwda auksionynda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy. Bu 1999-njy ýyldan bäri bu ugurdaky söwdalaşyklarda dördünji gymmat balykdyr diýip, «MIR 24» ýazýar.


Balygyň agramy 238 kilograma deň. Ondan taýýarlanjak suşini indi diňe Ýaponiýada däl, Nýu-Ýorkuň we Şanhaýyň garbanyşhanalarynda-da dadyp bilerler.


Täze ýylyň ilkinji şeýle söwdalaşyklary aýratyn ünsi çekýär, sebäbi ony öňde duran arly ýylyň ykdysady ýagdaýyny oňatlyga iterjek yrym hasaplaýarlar. Emma hemişe yrym edeniň bolubam baranok, onda-da ilkinji balyga näçe köp nyrh kesilse, ýagşylyga ýorýarlar diýlip, habarda aýdylýar.