Turkmenportal logo
06.01.24
2733527335
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi

​«China Aviation Industry General Aircraft»kompaniýasy Çžeszýan welaýatynda HHR-de ilkinji gezek AG60E elektrouçarynyň barlag uçaryny amala aşyrdy. Bu barada «Xinhua» agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.


​Uçar bir hereketlendirijili AG60 howa ulagynyň modifisirlenen görnüşine eýedir. Onuň uzynlygy 6,9 metr bolup, ganatlarynyň ýaýylyş gerimi 8,6 metre barabardyr. Elektrik uçarynyň iň ýokary tizligi sagatda 185 kilometre ýetýär.


​Işläp düzüjiler AG60E howa ulagynyň ilkinji uçuş synagyndan üstünlikli geçmeginiň Hytaýyň awiasiýa pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyrdygyny belleýärler.