Türkmen paýtagtynda «Terneartshop» atly täze sungat eserleriniň dükany açyldy.
Dükanda sungat eserleriniň köpdürli görnüşleri, şol sanda nakgaşlyk eserleri, grawýuralar, heýkeller, şeýle-de aýnadan, keramikadan, metaldan we beýleki materiallardan ýasalan önümler alyjylara hödürlenýär.
«Terneartshop» dükanyndan Türkmenistanyň meşhur sungat ussatlarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň döreden işlerini tapmak bolýar.
Hakyky sungat eserleri — bu diňe bir öýe ajaýyp bezeg bermek bilen çäklenmän, eýsem ýakynlaryňyz hem-de dostlaryňyz üçin täsin sowgatlyk bolar. Olar şahsy stili hem-de dünýägaraýşy şöhlelendirmek bilen, interýeriň özboluşlylygyny döreder.
«Terneartshop» dükanynda alyjylaryň dykgatyna nusgawy peýzažlardan we natýurmortlardan başlap, häzirki zaman abstrakt işlere çenli dürli stilde, žanrda hem-de tehnikada ýerine ýetirilen sungat eserleri hödürlenýär.
«Biz ýurdumyzyň zehinli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň hem-de amaly-haşam sungat ussatlarynyň baý hem köpgyraňly döredijiligi bilen tanyş etmek isleýäris. Dükanymyzdan her kimiň özüne ýaraýan ajaýyp eseri tapyp biljekdigine ynanýarys» – diýip, «Terneartshop» dükanynyň wekili belleýär.
«Terneartshop» dükanynyň ýerleşýän salgysy: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, B232 dükany.
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgileri: (+993 62) 42 22 97, (+993 64) 69 83 66;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.

