Turkmenportal logo
06.12.23
1225812258
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Time» žurnaly Lionel Messini ýylyň türgeni diýip yglan etdi

Dünýä belli «Time» žurnaly «Inter Maýami» klubunyň argentinaly super ýyldyzy Lionel Messini ýylyň türgeni diýip yglan etdi.


Žurnal tarapyndan berlen beýanatda Messiniň bir wagtlar diýseň kyn görlen zady, ABŞ-ny futbol ýurduna öwürmegi başarandygy bellenilýär.


Messi bolsa žurnala beren interwýusynda birnäçe alternatiwiň arasyndan «Inter Maýamini» saýlandygyny aýdyp: – Aslynda birinji islegim Barselona dolanmakdy. Ýöne bu bolmady. Başga-da birnäçe mümkinçilik bardy. Saud Arabystanyna gitmek barada hem pikir etdim. Maýami şäherine gelmezden öň, bu babatda maşgalam bilen maslahatlaşdym we ahyrynda-da şu ýere geldim – diýip gürrüň berdi.


Iýul aýynda «Inter Maýami» toparynyň düzümine goşulan Messi täze kluby bilen Ligalar Kubogyny gazanypdy.