Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Tailandyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Tailandyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

