Turkmenportal logo
28.11.23
2380423804
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Agro-Pak Türkmenistan-2023» halkara sergisi açyldy
Aşgabatda «Agro-Pak Türkmenistan-2023» halkara sergisi açyldy

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan-2023» atly halkara sergisi açyldy.



Açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.


«Bu giň möçberli halkara serginiň hem gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga itergi berjekdigine pugta ynanýaryn» diýlip, Gutlagda bellenilýär.


«Agro-Pak Türkmenistan-2023» atly halkara sergä Türkmenistandan, şol sanda Türkiýe, Eýran, Russiýa, Özbegistan, Niderlandlar, Germaniýa, Moldowa we beýleki ýurtlardan 60-dan gowrak kompaniýa gatnaşýar.



Azyk, gaplamak we oba hojalygy bilen meşgullanýan türkmen kompaniýalarynyň 12-si hem sergide öz hyzmatlaryny we önümlerini hödürledi.



Serginiň iş wagty:


28-nji noýabr — sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
29-njy noýabr — sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
30-njy noýabr — sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.


Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.