Turkmenportal logo
21.11.23
6169961699
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Gonkongy Ruslan Mingazowyň goşa goly bilen ýeňip gelýär

Häzirki minutlarda futbol boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama böleginiň «E» toparçasyndaky Gonkong ― Türkmenistan duşuşygy dowam edýär. Birinji ýarymdan soňra Türkmenistan 2:1 hasabynda öňde barýar.


Duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollaryny Ruslan Mingazow geçirdi. Gonkongyň ýeke-täk goluny Waý Wong geçirdi.


Iki ýygyndy mundan ozal Dünýä çempionaty ― 2010-yň birinji saýlama tapgyrynda hem duşuşypdylar. Şonda Gonkongda geçirilen duşuşyk 0:0, Aşgabatdaky duşuşyk bolsa 3:0 hasabynda türkmen ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.