Turkmenportal logo
08.11.23
3069430694
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde YHG-niň XVI sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde YHG-niň XVI sammitine gatnaşýar

«Türkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, 8-9-njy noýabrda Özbegistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XVI sammiti geçiriler, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar.


Häzirki wagtda sammite gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleri Daşkende gelip başlady. Sammitiň öňüsyrasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen dürli işewürlik duşuşyklary geçirilýär.


9-njy noýabrda Özbegistanda YHG-niň ýokary derejeli duşuşygy geçiriler, oňa guramanyň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.


Mälim bolşy ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy on ýurdy öz içine alýar: Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan.