Ady bilen hem öz-özüne düşündiriş berýän «Nefertiti» gözellik salony müşderilere islendik ýaşdaky we jynsdaky adamyň keşbini üýtgetmäge ukyply saç bejermek hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemek bilen, olara owadan görünmek lezzetini berýär.
Hyzmatlar dürli saç şekillerini, moda saç kesimlerini we ajaýyp saç bezegleri, şol sanda owadan toý we agşamlyk üçin saç şekillerini, şeýle hem reňklemek, laminirlemek, keratinli düzeltmek, saçyň reňkini açmagyň dürli görnüşleri ýaly proseduralary öz içine alýar.
Tejribeli ussat-stilist müşderiniň ýüzüniň görnüşini, ýaşyny we onuň saçynyň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, gaýtalanmajak keşbi saýlap almaga hem-de döretmäge kömek eder, iň gowy ideg serişdelerini saýlap, saçyň gözelligini we saglygyny nädip saklamalydygy barada professional maslahatlary berer.
«Nefertiti-niň» artykmaç taraplarynyň hatarynda amatly ýerde ýerleşmegi, ýokary hilli hyzmat, müşderilere şäheriň aladalaryny ýatdan çykarmaga we salondan keşbini bütinleý üýtgedip çykmaga mümkinçilik berýän amatly gurşaw ýatlanyp bilner.
«Nefertiti» gözellik salony şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, «Parahat-4» kiçi etrapçasy (Ýubileýnaýa köçesi), 58-nji jaý we her gün sagat 9:00-dan 20:00-a çenli işleýär.
Salona ýazylmak ýa-da hyzmatlar barada has giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz (+993 62) 96 88 37.

