Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň bu iri halkara düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermek bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi, şeýle-de BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

