Turkmenportal logo
23.10.23
2953129531
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň ilçisi Aýmyrat Goçmyradowdan ynanç hatlaryny kabul etdi. Bu barada Duşenbedäki türkmen diplomatik bölüminiň Metbugat gullugy habar berdi.



Habarda bellenilişi ýaly, ilçi resminamalary gowşurandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi, şeýle hem Türkmenistanyň iki doganlyk ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gepleşiklere ygrarlydygyny tassyklady.



Türkmen ilçisini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, diplomatik işinde üstünlik gazanmagyny arzuw eden Emomali Rahmon, Prezident Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna hoşniýetli we tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.