Turkmenportal logo
20.10.23
4168741687
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türki döwletleriň muzeýler birleşigine Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory ýolbaşçy edilip bellenildi

Türki döwletleriň medeni paýtagtynyň Änew şäheri bolýandygyny göz öňünde tutup, Türki döwletleriň muzeýler birleşigine 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewi ýolbaşçy edilip bellenildi. Bu Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde «Haly — Türki dünýäsiniň simwoly» atly Türki dünýäsiniň muzeýler birleşiginiň II maslahatynda belli boldy diýlip, museum.gov.tm habar berdi.


Maslahatda Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Gagauziýa (Moldowa) 30-dan gowrak hünärmen çykyş etdi. Oňa türk döwletleriniň muzeýleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, TÜRKSOY guramasynyň Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň agzasy gatnaşdylar.


11 — 14-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi.


Foruma gatnaşyjylar Türki dünýäsiniň Muzeýler birleşiginiň alyp barýan işi baý türki medeniýetiň we muzeý işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigini belläp geçdiler.